Siriýa Türkmenleri Türkmenleriň we olar bilen goňşy - TopicsExpress



          

Siriýa Türkmenleri Türkmenleriň we olar bilen goňşy halklaryň arasynda Siriýa Şam,onuň paýtagty Damask bolsa Dymşyk ady bilen bellidir.Siriýanyň esasy ilaty araplar bolup (90%),bu ýerde milli azlyklaryň wekillerinden türkmenler (3,5 milloň) kürtler(1milloň), çerkesler (50 müň), we başgalar ýaşaýarlar.Milli azlyklaryň biri hem türkmenlerdir.Olar Siriýa we beýleki arap ýurtlaryna VIII asyrda düşüpdirler.Birneme gijräk bu ýerde türkmenler-oguzlar peýda bolupdyrlar.XI asyr arap geography ibn Hordadbek Bagdada arap halyfyna peşgeş hökmünde 2 müň oguz gullarynyň iberilendigini habar berýär.1993-nji ýylda çykan “Daşary Gündogaryň türkmenleri” atly kitabyň “Siriýa türkmenleri” bölüminde habar berlişine görä,türkmenler Siriýa Seljuklaryň agalyk eden döwri bolan XI-XII asyrlarda gelipdirler.Beýik Seljuk adyny alan Togrul begden (1038-1063) BAŞYNY ALYP GAÝDÝAN,Horasanda emele gelen Seljuk döwletiniň soňraky häkimleri Beýik Seljugyň Günbatara hereketini dowam etdirdiler.Hut Togrul begiň döwrýnde Yrak basylyp alynýar.(Togrul beg 1055-nji ýylda Bagdady eýeleýär).Oňa musulman dünýäsinde dünýewi häkimiýetiň dolulygy bilen berilýändigini aňladýan Soltan tituly berilýär. Togrul begiň mirasdüşerleri bolan agasy Çagryl begiň ogly bolan Alp Arslanyň (1063-1072) we onuň ogly Mälik şanyň (1072-1092) döwründe Seljuk türkmenleriniň ýörişleri dowam etdirilipdir.Alp Arslanyň Malazgirtiň (Wan kölünüň demirgazygynda) ýanynda 1071-nji ýylda bolan söweşde Wizantiýa imperatorunyň üstinden gazanan ýeňşi (şol söweşde imperator Roman VI Diogen ýesir düşýär) seljuklaryň we oguz-türkmen taýpalarynyň arap ýurtlaryna hususan-da Siriýa bolan täsiriniň belli-külli artmagyna ýardam edipdir.Eýýäm Mälik şanyň döwründe Seljuk döwleti uly territoriýa eýelik edipdir-ol Kaşgardan başlap Ortaýer deňizine,Kawkaz daglaryndan Arabystana çenli bolan ýerleri öz içine alypdyr. Bu territoriýa arap ýerlerinden Ýemen we Siriýa giripdir.Siriýada ilkinji türkmen emirligi döredilip,onuň başynda Alp Arslanyň serkerdelerinden biri Atsyz ibn Çuwak durupdyr.Ol Al-Ramla,Ierusalim we beýleki şäherleri özüne boýun egdiripdir.1076-njy ýylda Atsyz Damasky eýeläpdir,iki ýyldan soň ol Alp Arslanyň ogly Tutuşyň eline geçýär.1094-nji ýylda Tutuş Halebiň (Halabyň)etrabynda iri (merkezi şu şäher bolan) seljuk mülkleriniň birini döredýär.Soňra bu mülki onuň ogly Ridwan (1095-1113) dolandyrypdyr.Tutuşyň ikinji ogly Dawuk Damaskda häkimlik edipdir.Günbatarly awtorlaryň şaýatlyk etmegine görä,Siriýanyň türkmen häkimiýetiniň geneologiýasy Ridwanyň ogullary Alp Arslanyň (1113-1114) we Soltan şanyň (1114-1117) dolandyrmagy bilen tamamlanypdyr. Siriýada seljuklaryň-türkmenleriň pugtalanmak döwri Siriýanyň kenarýaka etrapçalaryna haçly ýöreýşleriň başlanmagy bilen gabat gelýär.Ilkinji gezek haçgöterijiler bilen söweşe 1096-njy ýylda Alp Arslanyň dogan oglany Gutulmyşyň ogly Gylyç Arslan girişýär.Siriýanyň demirgazygynda Ridwan haçgöterijileriň hüjümini ençeme gezek serpikdiripdir.Haçgöterijeler bilen söweşenleriň biri-deseljuk goşunyndaky türkmen serkerdesi Il-Gazy-Ibn-Artykdyr.Ol soňra Artyklaryň dinastiýasyny(emirligini) döredipdir.Onuň paýtagty Mardin bolupdyr. Türkmenler siriýa atabegi Nurad-din Mahmydyň,onuň goşun serkerdeleriniň biri Salah ad-diniň goşunlarynyň hatarynda haçgöterijileriň garşysyna göreşipdirler.Salah ad-diniň agtygy Salah-Naji ad-din Horezm türkmenleriniň kömegi bilen haçgöterijilere berk zarba urýar we 1244-nji ýylda Ierusalimi doly eýeleýär. Türkmenler Aýýubiler dinastiýasy dagandan soň Müsiriň we Siriýanyň territoriýasynda emele gelen Mamlýuklar döwletinde hem ýaşapdyrlar.Olar Gazadan (Palestina) Diýarbekire (Türkiýe) çenli bolan territoriýada mesgen tutupdyrlar. XIII-XIV asyrlarda türkmenler Siriýanyň we goňşy arap döwletleriniň territoriýalarynda Garamanlylar,Ramadanlylar,Dulgadyrlylar ady bilen dinastiyalary (emirlikleri) döredipdirler.Şu dinastiýalar döwründe Demirgazyk,Demirgazyk-Günbatar Siriýada, XVII asyr türk taryhçysy we geografy Kätib Çelebiniň (Hajy Halayfanyň) habar bermegine görä baýat,gajar,beydili,owşar,eýmir,kuçukly,ebaly,urdukly,garagoýunly,akgoýunly,jeriler ýaly türkmen tire-taýpalary ýaşapdyrlar.Olary Halep (Aleppo) türkmenleri diýip hem atlandyrypdyrlar. Türkmenleriň arap ýurtlaryna,şol sanda Siriýa göçüp gelmekleriniň soňraky tapgyry mongol çozuşlary we mongol agalygy netijesinde emele gelen feodal dagynyklyk bilen baglanyşyklydyr.Şonda Anadolynyň Siriýa bilen serhetdeş etraplarynda ýaşaýan türk-türkmen taýpalarynyň arasynda uly etniki ňzgerişler ýüze çykýar.Siriýa gelen tire-taýpalar indi täze atlara eýe bolupdyrlar.Indi şamly,rumly,danyşmentli,saruhanly,turgatly,osmanly ýaly tire-taýpalar ýüze çykýar.
Posted on: Fri, 09 Aug 2013 01:37:48 +0000

Trending Topics



Recently Viewed Topics




© 2015