«Altyn asyr» we «Ahal» futbol toparlary Aziýanyň futbol - TopicsExpress



          

«Altyn asyr» we «Ahal» futbol toparlary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşarlar. «Altyn asyr» AFK-nyň Kubogynda Türkmenistanyň çempiony derejesinde, «Ahal» bolsa ýurdumyzyň Kubogynyň we milli birinjiligiň kümüş medalynyň eýesi hökmünde çykyş ederler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berişleri ýaly, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije atyşlyga laýyklykda biziň toparlarymyzyň ikisi hem Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji ýaryşynda duşuşyklaryň deslapky böleginden başlarlar. 2015-nji ýylyň 9-njy fewralynda «Ahal» Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony — Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparyny kabul eder. 10-njy fewralda bolsa paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary öz meýdançasynda «Al Sakr» (Ýemen) topary bilen duşuşar. Toparlaýyn ýaryşa çykmak ugrunda duşuşygyň nobatdaky tapgyrynda «Altyn asyr» — «Al Sakr» toparlarynyň duşuşygynyň ýeňijisi 17-nji fewralda TBA (Bahreýn) topary, «Ahal» — «Dordoý» duşuşygynyň ýeňijisi bolsa şol gün «Fanja» (Oman) topary bilen bäsdeşiniň meýdançasynda duşuşar. Türkmen futbol toparlary 2004—2007-nji ýyllarda AFK-nyň Kubogy ugrunda çykyş etdiler. Balkanabadyň «Nebitçi» topary bu hukugy üç gezek, paýtagtymyzyň «Nisa» we HTTU toparlary iki gezek we Marynyň «Merw» topary bir gezek gazandylar. Soňra – 2008-nji ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda «Aşgabat», «Balkan» we HTTU toparlary ýurdumyzyň çempionlarynyň derejelerinde Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji klublar ýaryşynda — AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistana üstünlik bilen wekilçilik etdiler. 2013-nji ýylda «Balkan» topary bu yklym baýragynyň eýesi boldy. Şu ýyl bolsa AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky soňky oýunda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary öňdeligi eýeledi. Ine, 11 ýyl geçenden soň türkmen futbol toparlary ýene-de AFK-nyň Kubogy ugrunda güýç synanyşarlar. «Altyn asyr» we «Ahal» toparlary üçin bu ýaryşa gatnaşmak halkara futbol giňişliginde ilkinji synanyşyk bolar.
Posted on: Tue, 30 Dec 2014 09:46:30 +0000

Trending Topics



Recently Viewed Topics




© 2015