Etrek, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti - TopicsExpress



          

Etrek, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýän demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandyrýar. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Düýn Aşgabatda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri üstünlikli geçirilip, iki döwletiň we halklaryň dostluga we ynama esaslanýan gatnaşyklara ygrarlydygyny, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy özara bähbitli, deňhukukly we hoşmeýilli ýörelgelere laýyklykda ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady. Gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine geldi. Howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Birnäçe wagtdan soňra Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň münen uçary gondy. Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini tüýs ýürekden mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dikuçara münüp, Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinden Etrek etrabynyň «Akýaýla» demir ýol menziline ugradylar. Birnäçe wagtdan soňra, doganlyk iki halkyň milli Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň üstaşyr geçirýän nokatlarynyň birine öwrülen serhetýaka «Akýaýla» demir ýol menziline gelýärler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary garşylamak üçin ähli zat taýýarlanypdyr. Aýdym-saz ýaňlanýar. Daş-töwerekde baýdaklar, täze ulag geçelgesini döretmek baradaky taslama gatnaşýan ýurtlaryň Liderleriniň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu ulag geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden döretmek baradaky başlangyç öz beýanyny tapdy. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk, gumanitar ugurlar boýunça giň gerimli halkara taslamalarynyň birnäçesini öňe sürüp, olary üstünlikli amala aşyrmak arkaly, bu gadymy ugry - dostlugyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýoluny täzeden gurýar. Asylly däbe görä, milli lybasly gyzlar iki döwletiň Prezidentlerine ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dabarany geçirmek üçin ýörite taýýarlanan ýere tarap ugraýarlar. Soňra bu ýere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhany geldi, ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Türkmen döwletiniň Baştutany eýranly kärdeşini «Akýaýla» demir ýol menzilinde ýörite taýýarlanan jaýa çagyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň Prezidentlerini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany şu günki wakanyň möhüm taryhy ähmiýete eýedigini belläp, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň dostlukly ýurtlaryň üçüsiniň we halklaryň bähbitlerine gönükdirilmek bilen çäklenmän, sebitdäki ulag ulgamynyň ösdürilmegine, sebitde, şeýle hem Ýewraziýa yklymynyň tutuş giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigini aýtdy. Iki ýurduň Prezidentleri-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, demir ýoluň açylyşynyň möhüm taryhy ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler üç ýurduň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellediler. Soňra üç ýurduň Liderleri «Akýaýla» menzilindäki duralga, demir ýolda duran otla tarap barýarlar we VIP-wagona münýärler. Otlyny sürüji otlynyň ugraýandygyny ýörite abzal arkaly duýdurýar. Liter otly bat alyp, türkmen-eýran Döwlet serhedine tarap ugraýar. Bellenilen ýere — türkmen-eýran serhetindäki ýere tarap barýan otlyny ahalteke bedewlerine münen, elleri döwlet baýdakly we milli geýimli atlylaryň ugratmagy täze durmuşyň sazlaşygyny we batly depginini alamatlandyrýan ýaly bolup görünýär. Ýolugra döwletleriň Baştutanlary bu ýerde ýörite dikilen we baýramçylyk lybasyna beslenen ak öýleriň öňünde milli adatlaryň berjaý edilişini, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryny synlaýar. Dabaranyň geçiriljek ýerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, şeýle hem döredijilik işgärleri we köp sanly türkmenistanlylar ýygnandylar. Bu gün bu ýer birkemsiz bezelipdir, daş-töwerekde baýdaklar, gutlagly ýazgylar, dürli görnüşdäki howa şarlary ýerleşdirilipdir. Üç döwletiň Baştutanlary haly düşelen ýoda bilen meýdança tarap ýöreýärler hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň, bäş welaýatyň ýoluň ýakasynda döredilen türkmen obasynyň öňünde öz ussatlyklaryny görkezýän birleşdirilen aýdym-sazly toparlarynyň çykyşlaryny synlaýarlar. Saz ýaňlanýar. Demirýolçularyň lybasyny geýnen çagalaryň aýdym-sazly tans topary bu şanly waka bagyşlanan aýdymlary we tanslary ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri mähirli garşy alnandygy üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, dabaranyň geçiriljek ýerinde ýörite gurnalan mejlisler zalyna barýarlar. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri zala girýärler, bu ýerde dabara gatnaşyjylar olary şowhunly el çarpmak bilen garşylaýarlar. Alypbaryjylar üç dilde — türkmen, pars we gazak dillerinde dabaranyň başlanandygyny yglan edýärler. Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, hemmeleri şanly waka — «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu demir ýoluň gurluşygyna 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Şondan bäri bary-ýogy 7 ýyl geçdi. Geçen şu döwürde köp işler edildi. Demir ýoluň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Nesip bolsa, bu polat ýol geljekde «Demirgazyk—Günorta» ugurda örän möhüm ähmiýetli halkara ulag geçelgesine öwrüler. Täze halkara demir ýoly millionlarça adamlaryň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat eder. Bu maksatlar, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna doly laýyk gelýär. Häzirki döwürde berkarar döwletimiz özüniň bu syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, halkara bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny berk berjaý edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Biz döwletiň alyp barýan syýasaty ykdysadyýetiň bähbitlerine hyzmat etmelidir diýen ýörelgä eýerýäris. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýurtlarymyzyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine we geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigine daýanýarys. Şeýle hem, özara bähbitler esasynda hyzmatdaşlyk etmek isleginden ugur alýarys, öňe sürýän başlangyçlarymyzyň goldaw tapýandygyna esaslanýarys. Bu başlangyçlaryň goldanylmagyna dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we oýlanyşykly garaýyşlaryň dabaralanmagy hökmünde baha berýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Ykdysady we durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bolan bu giň möçberli taslama munuň aýdyň subutnamasydyr. Gazagystanyň sähralaryndan Garagum çölüniň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky daglyk Gülüstan welaýatyna çenli uzap gidýän bu polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre ýetirildi. Täze ýoluň Gazagystanyň çäklerinden geçýän bölegi 146 kilometre deň boldy. Polat ýoluň bu bölegi Mangistau oblastyndaky Uzen bekedinden Türkmenistan bilen serhetdäki Bolaşak bekedine çenli uzap gidýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan polat ýoluň döwrebap üpjünçilik ulgamlarynyň döredilendigini hem belläp geçmek isleýärin. Ýoluň ugrunda täze beketler, demir ýol duralgalary açyldy, zerur tehniki we durmuş maksatly desgalar bina edildi. Bu ýoluň iň uzyn bölegi biziň döwletimiziň çäklerinden geçýär. Onuň biziň ýurdumyzdan geçýän böleginiň uzynlygy gapdal şahalary bilen bilelikde 825 kilometre ýetýär. Çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, türkmen demirýolçulary Bereket demir ýol bekedinden başlap, Gyzylgaýanyň üstünden Gazagystan bilen Döwlet serhedine çenli 500 kilometr ýoly gysga döwrüň içinde gurmagy başardylar. Bu ýerde täze Serhetýaka şäherçesi guruldy.Täze demir ýoly enjamlaşdyrmak we abadanlaşdyrmak boýunça hem ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Polat ýoluň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary, demir ýol menzilleri, depolar, beketler we duralgalar, beýleki üpjünçilik ulgamlary döredildi. Şu gün bolsa biz bu demir ýoluň günorta şahasyny — Bereket şäherinden Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde ýerleşýän Etrek etrabynyň merkezine çenli bölegi işe girizilýär. Gapdal şahalary bilen bilelikde ýoluň bu böleginiň uzynlygy 325 kilometrden hem geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen, bu demir ýol ýükleri, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleri gysga ugur boýunça daşamaga giň mümkinçilik berýär. Täze gurlan ýol arkaly geljekde ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak hem göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde gatnawlar amala aşyrylanda, wagt örän möhüm şert bolup durýar. Şoňa görä-de, ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgalmagy bäsleşikde düýpli artykmaçlyk berýär. Bu bolsa öz gezeginde işjeňligi artdyrýar, netijede, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýär. Ägirt uly taslama durmuşa geçirilip başlandan bäri geçen ýyllaryň içinde bu demir ýoluň ähmiýeti has artdy. Sebäbi, häzirki döwürde dünýäde söwda ulgamynyň, şeýle hem önümçiligiň esasy bölegi Aziýa kontinentine geçýär. Şoňa görä-de, Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Soňky ýyllarda Gazagystanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleri durnukly ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bar bolan önümçilik kuwwatlyklary dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk iki goňşy ýurduň öňünde harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny gözlemek wezipesini goýdy. Demir ýoluň Eýranyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta—Gündogar Aziýa ugry boýunça harytlaryň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreýär. Şoňa görä-de, dünýäniň onlarça ýurtlary üçin demirgazyk we günorta ugurlarda bu demir ýol amatly we ykdysady taýdan örän bähbitli bolar. Bu taslama gatnaşýan ýurtlar bolsa, gatnawlary üstaşyr geçirýän döwletler hökmünde öz çäklerinde ýükleri daşamak boýunça hyzmat ediş ulgamlaryny döretmekde artykmaçlyga eýe bolarlar. Täze gurlan ýol Hazarýaka sebitini ösdürmäge, onuň ulag, önümçilik we durmuş üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmäge hem güýçli itergi berer. Ykdysady bähbitlerden başga-da, bu demir ýol döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Sebäbi, giň gerimli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändiginiň görkezijisi bolup durýar. Bu ýurtlaryň iň çylşyrymly tehniki, maýa goýum we guramaçylyk wezipelerini üstünlikli çözmegi başarýandyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleri maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler. Muňa garamazdan, biziň ýurtlarymyz bilelikdäki maksatlara gowy düşünmek bilen, uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýdyň göz ýetirýärler. Şonuň netijesinde, şeýle giň gerimli ulag taslamasy üstünlikli amala aşyryldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýol bilen çykmagy, harytlaryň ygtybarly hem-de durnukly iberilmegi, hyzmatlaryň edilmegi häzirki döwürde dünýädäki umumy ýagdaýa özüniň barha uly täsirini ýetirýär. Sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetini hem-de ugruny, döwletleriň dünýä ösüşine gatnaşmagynyň derejesini kesgitleýär. Gürrüň geljekde Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykmak arkaly, Gara deňziniň sebiti hem-de Zakawkazýe bilen birlikde Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitindäki döwletleri birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny tutmak barada barýar. Bu taslama geljekde demir ýoly günorta we gündogar ugurlardaky ulag üpjünçilik ulgamlaryna birleşdirmegi hem göz öňünde tutýar. Hytaý, Hindistan, Päkistan, Aziýa-Ýuwaş Ummany sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik berýär. Hyzmatdaşlyk etmegiň täze, has giň gerimli görnüşini döretmegi aňladýar. Bu bolsa, ählumumy geoykdysady ulgamda düýbünden täzeçe pikiriň, giň möçberli geoykdysadyýeti ösdürmegiň strategik geljegi baradaky garaýyşlaryň aýdyň mysalydyr. «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýoly diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmeýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu halkara demir ýolunyň sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy mümkinçiligi hem döretjekdigine ynam bildirdi. «Bu täze ýol Aziýada durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam eder, kontinentde syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnukly häsiýet berer diýip pikir edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu taslamanyň geljeginiň örän uludygy aýdyň görünýär. Ol Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalarynyň derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ägirt uly bu taslamany amala aşyrmagyň maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uzak möhlete gönükdirilen strategiýasyna doly laýyk gelýär. Biziň sebitimizi Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda strategiki taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekde berk ulgam, geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, kontinentde möhüm ähmiýeti bolan iri ulag-üstaşyr çatrygy hökmünde öňe çykarýar. «Şu gün Ýewraziýa kontinentinde «Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesiniň örän möhüm bölegi bolan täze halkara demir ýolunyň açylan senesi hökmünde taryha hemişelik girer» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi we ägirt uly taslamany amala aşyrmaga gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda guwanç duýgusyny döretdi we joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana söz berildi. Dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Eýranyň Baştutany iri möçberli ulag taslamalarynyň biriniň — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandyran bu günki wakanyň taryhy ähmiýetini nygtady. Biz bu polat ýolunyň üç döwletleriň diňe halk hojalyk toplumlary üçin neneňsi wajypdygyny däl, eýsem, dünýäniň ulag geçelgelerine birleşmek babatda, taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi babatda hem möhümdigini bilýäris diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Bu demir ýolunyň Russiýa Federasiýasyny, Hytaýy, Türkiýäni, Pars aýlagynyň, Ortaýer deňziniň ýurtlaryny we beýleki sebitleri baglanyşdyrýan ýoldygyny nazara alyp, onuň ulanyşa tabşyrylmagy bilen ýylda 1 million tonnadan gowrak ýükleri daşamaga we müňlerçe ýolagçylary gatnatmaga mümkinçilik dörär. Myhmansöýerlik we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, Prezident Hasan Ruhany eýran tarapynyň geljekde beýleki möhüm uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň ýardam etmäge meýillidigini tassyklady. Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Prezident Nursultan Nazarbaýew bu ýere ýygnananlary mübärekläp, hemmeleri bu günki ähmiýetli waka — «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýolunyň herekete girizilmegi bilen gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda biziň ýurtlarymyzyň, bütin sebitiň durmuşynda bolup geçýän hakykatda taryhy waka gatnaşmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Biz şeýle möhüm polat ýoluny döretmek baradaky başlangyjy öňe süren we ony yzygiderli tagallalary bilen öňe ilerleden Türkmenistanyň Lideriniň yhlaslylygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek diýip, Gazagystanyň Baştutany belledi. Täze transmilli polat ýolunyň taryhy ähmiýeti barada aýdyp, Prezident Nursultan Nazarbaýew biziň ýurtlarymyzyň arasynda howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerinde oňyn tejribe toplandy diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Baştutany Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky demir ýol gatnawynyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine täze itergi berjekdigini, haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini nygtady. Çykyşyny tamamlap, Nursultan Nazarbaýew bu taslamanyň başyny başlandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, goňşy ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Soňra üç ýurduň Prezidentlerine Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde demir ýol pudagynyň ösüşi baradaky wideofilm görkezilýär. Onda «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» demir ýol geçelgesiniň ulanmaga berilmegi bilen açylýan mümkinçilikler hakynda gürrüň berilýär. Zalda oturdylan ekranda dürli çyzgylar we slaýdlar görkezilýär. Kompýuter grafikasynyň kömegi bilen, köptaraplaýyn serişdeler arkaly diwarlarda ponarama şekili peýda bolýar, otlynyň hereketiniň sesi peýda bolýar, interýerler janlanýar, ýapyk giňişlikleriň arasy açylýar, närseler herekete gelýär. Düýe kerweniniň şekilleri peýda bolýar, gyzgyn howadan olaryň hereketine görä, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli aralyga uzan Beýik Ýüpek ýolunyň nokatlary peýda bolýar. Häzirki Beýik Polat ýoly kerwen ýollary bilen uly sebitleri we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zamandaky ýüze çykmasyna öwrüldi. Dostlugyň, agzybirligiň, ata-babalarymyzyň doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däplerini mukaddeslik hökmünde goramagy wesýet eden baky ruhy gymmatlyklarynyň beýik güýji bu wideoşekilleriň esasy pikirine öwrüldi. Şol ruhy gymmatlyklary häzirki wagtda çuňňur many-mazmun hem-de üç halkyň we döwletleriň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baýlaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, goňşy üç döwletiň geografiki taýdan amatly ýerlerde ýerleşmegi, olaryň çäkleriniň irki döwürlerden bäri söwda ýollarynyň çatrygy hem-de Ýewropadan Aziýa tarap «köpri» bolup hyzmat etmegi häzirki wagtda-da aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistan, Gazagystan we Eýran onlarça ýurtlaryň üstünlikli peýdalanýan ygtybarly üstaşyr ulag gatnawyny üpjün etmek arkaly, demir ýol ulagynyň ösdürilmegine — täze ýollaryň gurluşygyna, düzümde bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudagyň häzirki zaman tehniki serişdeleri — teplowozlar, ýolagçylar üçin oňaýly wagonlar, nebit we nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri we dänäni daşamak üçin ýöriteleşdirilen wagonlar we sisternalar bilen üpjün edilmegine ileri tutulýan derejede üns berýärler. Munuň özi ulag arkaly ýükleriň üstaşyr daşalýan möçberlerini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary täze ýagdaýlary we döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak arkaly özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde, GDA döwletleriniň baştutanlarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde we ýokary derejeli beýleki forumlarda beýan edildi. Hususan-da, bu ýerde Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda ulaglary üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutmak üçin BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagy barada gürrüň gidýär. Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogardaky döwletleri baglanyşdyrjak täze Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyk türkmen Lideriniň netijeli teklipleriniň möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm bölege öwrülmelidir. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna degişli Ähtnama 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň — Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň türkmen paýtagtynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekildi. Birinji tapgyrda demir ýoluň iki bölegini: Türkmenistanyň çäginde 85 kilometrlik Atamyrat—Ymamnazar demir ýoluny we Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Andhoý diýen ilatly ýere çenli 38 kilometrlik demir ýoluny gurmak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, demir ýol ulgamynda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi — Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamyna has ýakyn ýoly açan Tejen — Sarahas — Maşat demir ýolunyň, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýoluny, sebitdäki uly suw akabasynyň — Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat — Kerkiçi demir ýol köprüsiniň we beýlekileriň gurluşygy amala aşyryldy. «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa has oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge, oňynlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdalylyk ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlaryny işjeňleşdirmäge ukyply çynlakaý geosyýasy şert bolup hem durýar. Bu taslamanyň jedelsiz durmuş ähmiýeti bardyr. Sebäbi polat ýoluň ugrunda ähli zerur häzirki zaman düzümleri kemala getirmegi we täze iş orunlaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu uly möçberli taslamanyň başyny başlamak bilen, Türkmenistan onuň durmuşa geçirilişini halkara ülňülerine laýyklykdy, ýokary hil derejesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden peýdalanmak esasynda we ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmek bilen amala aşyrýar. Taryhy pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri «Demirgazyk-Günorta» demir ýolunyň iki böleginiň birigýän ýerine gelýärler. Demirýolçularyň lybasyndaky ýetginjekler döwlet Baştutanlaryna ýörite açarlary berýärler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Hasan Ruhani we Nursultan Nazarbaýew halkara demir ýolunyň relslerindäki nurbatlary berkidýär. Bu demir ýoly döretmek çuňňur many-mazmuna eýedir: ol millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine gönükdirilendir. Döredijilik toparlarynyň türkmen, pars we gazak dillerinde ýerine ýetiren aýdymy joşgunly ýaňlanyp, üç halkyň müdimi dostlugyny we doganlygyny alamatlandyrýar. Üç döwletiň Baştutanlary halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň çäklerinden ilkinji ýük wagonlarynyň Eýran Yslam Respublikasyna tarap ugramagyny synlaýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar taryhy waka mynasybetli toý sadakasynyň beriljek ýerine tarap ugraýarlar. Ýolugra döwletleriň Baştutanlary dostlukly üç ýurduň halklarynyň özboluşly medeniýeti we sungaty barada täsirli düşünje almaga mümkinçilik berýän sergini synlaýarlar. Bu ýerde özboluşly önümler we sungatyň dürli görnüşleri boýunça ussatlaryň eserleri, şol sanda gadymy miniatýuralara mahsus görnüşdäki işler görkezilýär. Milli tagamlara-da aýratyn üns berildi. Bulary taýýarlamagyň usullary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de nesilden-nesle geçýär. Milli aşpezlik islendik halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, şol halkyň taryhy we durmuş ýörelgeleri barada birgiden zatlary aňladyp biler. Halk senetleriniň önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, nepis halylar, milli zergärçilik bezegleri we beýlekiler sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Beýleki tarapda owadan bezelen ak öýler bolup, olaryň daş-töwereginde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar. Olar uly türkmen toýuna mahsus bolan ýagdaýy döredýär. Ak öýleriň her biriniň töwereginde sahnalar oýnalyp, gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanýar, çagalar şadyýan oýun oýnaýarlar. Ähli zat gadymy türkmen obasynyň durmuşyny ýadyňa salýar. Şol obalar dünýä belli söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşipdir. Häzir olaryň ugrunda gurulýan iri önümçilik toplumlary, çekilýän polat ýollar we beýleki kommunikasiýalar ilatly ýerlere döredijilik joşgunyny ýetirip, täzelenişiň we ösüşiň buşlukçysyna öwrülýär. Toý sadakasy berlen mahalynda medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Baýramçylyk sadakasy jemlenenden soňra, türkmenleriň milli adatlaryna we däp-dessurlaryna laýyklykda dilegler edilýär. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar ýörite taýýarlanan otla münýärler. Ol türkmen-eýran serhedindäki nobatdaky duralga tarap ugraýar. Bu ýerde baýramçylyk lybasyna beslenen derweze Türkmenistanyň çäginden çykylmagyny we Eýranyň çägine girilmegini alamatlandyrýar. Otly Inçeburun bekedine gelip saklanýar. Onuň çägi bu gün şanly waka mynasybetli dabaraly ýagdaýda bezelipdir. Daş töwerege ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar baýramçylyk ýagdaýyny has-da ýaýbaňlandyrýar. Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň demirýolçularynyň lybasyna beslenen çagalar üç döwletiň Prezidentlerine gül desselerini gowşurdylar. Şol wagt baýramçylyk has-da ýaýbaňlanýar—menziliň meýdançasynda döredijilik toparlary we ýerli artistler çykyş edýärler. Üç ýurduň Liderleri şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik sütüniniň ýanyna barýarlar hem-de oňa şu günki taryhy waka hakynda ýadygärlik gol çekýärler. Bu ýerde şeýle hem sergi guralyp, onda tanymal ussatlaryň we suratkeşleriň eserleri görkezildi. Olar Eýranyň şekillendiriş we amaly —haşam sungatynyň eserleriniň žanr baýlygyny we çeper özboluşlylygyny beýan edýärler. Eserleriň hatarynda ýazuw şekilleri, daşyň ýüzünde kalligrafik usul bilen ýerine ýetirilen işler, agaçdan ýasalan önümler, syrçalanan keramiki we kümüş gap-gaçlary, žiwopis işleri we zegrärçilik bezeg şaýlary hem-de mozaika, ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen haly önümleriniň we gadymdan gelýän keşdeleriň nusgalary bar. Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz kärdeşlerini Inçeburun menzilinde ýörite taýýarlanan otaga çagyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Täze transmilli demir ýoluň taryhy ähmiýeti barada aýtmak bilen, üç döwletiň Liderleri taslamanyň durmuşa geçirilip başlanan wagtyndan bäri onuň ähmiýetiniň has-da artandygyny bellediler. Dünýä söwdasynyň merkezi edil önümçilik ýaly Aziýa bazarlaryna elýeterliligi artdyrmak bilen bu sebite aralaşýar. Täze transmilli polat ýolunyň ulanylmaga berilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwatly itergi berer, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýlip nygtalyp geçildi. Bularyň hemmesi adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ösüşine, durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we hiliniň gowulanmagyna ýardam eder. Duşuşygyň barşynda şol taslamany mundan beýläk-de dowam etdirmek, onuň netijeliligini üpjün etmek, bu ugurda üç ýurduň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen üçtaraplaýyn iş toparyny döretmek hakyndaky teklip aýdyldy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň liderleri üç dostlukly ýurtlaryň halklaryna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy isleg-arzuwlaryny ýollap, bu amala aşyrylan taslama goňşy halklaryň rowaçlanmagynyň bähbidine hoşniýetli miweleri berer diýip ynam bildirdiler. Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani metbugat üçin ýüzlenme bilen çykyş etdiler hem-de üç ýurduň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi uzakmöhletli bähbitlere laýyk gelýär, halkara işleriniň oňyn ösüşiniň, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň, onuň ykdysady ösüşiniň önjeýli şerti bolup durýar. Durmuşa geçirilen giň gerimli taslamanyň ykdysady we täjirçilik taýdan başga-da, geosyýasy ähmiýetini bellemek bilen, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, bu ulag geçelgesi halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň biri bolmak bilen, sebitiň çäklerinde, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer diýip belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şunuň ýaly taslamalary diňe ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly, öz geljegine ynamy bolan, hakyky dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen bagly bolan, bilelikdäki maksatlaryna aýdyň düşünýän, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine aýdyň göz ýetirýän döwletler amala aşyrmaga ukyplydyr. Hut şular umumy üstünligiň, iki ýurduň hünärmenleriniň sazlaşykly we netijeli işiniň girewine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti demir ýoluň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara, inženerlere, taslamaçylara tutanýerli zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdiler. Dabara tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Nursultan Nazarbaýew we Hasan Ruhani birek-birek bilen mähirli, dostlukly hoşlaşyp, doganlyk goňşy halklara parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etmek bilen, häzirki wagtda öz öňlerinde täze mümkinçilikleri açýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gonanlaryndan soň, taraplaryň özara bähbitli sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek beýan etdiler. Şol hyzmatdaşlyk ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, Prezidentler mähirli hoşlaşdylar. Gazagystan Respublikasynyň Baştutany resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, öz Watanyna ugrady. Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden öz kabulhanasyna tarap ugrady. *** Şu gün Gazagystan-Türkmenistan-Eýran täze demir ýolunyň ugrunda döwletara polat ýolunyň köp sanly ulag we inžener-tehniki düzüminiň desgalary dabaraly açyldy. Olaryň hatarynda Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Balguýy, Madaw we Etrek beketlerinde demir ýol menzilleri, şeýle hem teplowozlara we wagonlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin depo, agyr ýükli konteýnerleri kabul etmek we ugratmak üçin ýükleýiş-düşüriş meýdançalary, gümrük, arassaçylyk-epidemiologiýa, serhet gulluklarynyň dolandyryş binalary, köprüler, demir ýol pudagynyň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenilen oňaýly ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler bar. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgýrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Posted on: Wed, 03 Dec 2014 21:47:17 +0000

Trending Topics



Recently Viewed Topics




© 2015