Etrek etraby, 3-nji dekabr /TDH/. Türkmenistanyň, Gazagystanyň - TopicsExpress



          

Etrek etraby, 3-nji dekabr /TDH/. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň iki bölegini sepleşdirmek dabarasy geçirilýän ýere – onuň “nol kilometrine” geldiler. Demirýolçularyň lybasyny geýen ýetginjekler döwlet Baştutanlaryna ýörite gurnama açarlaryny gowşurdylar. Taryhy pursat gelip ýetýär: dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Hasan Ruhani we Nursultan Nazarbaýew transmilli demir ýolunyň relsleriniň “Altyn berkitmesiniň” boltlaryny çekýärler, bu polat ýoly döretmegiň taglymyna çuň many, ýagny millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek, parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine hyzmat etmek goýuldy. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde üç halkyň baky dostlugyny we doganlygyny beýan edip, türkmen, pars we gazak dillerinde ruhubelent aýdym ýaňlanýar. Üç döwletiň Baştutanlary halkara demir ýoly boýunça türkmen we gazak bölekleriniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasyna tarap ilkinji ýük wagonlarynyň simwoliki hereket etmegini synalýarlar. “Gazagystanyň-Türkmenistan-Eýran” demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa has oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge, oňynlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdalylyk ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlaryny işjeňleşdirmäge ukyply çynlakaý geosyýasy şert bolup hem durýar. Bu taslamanyň jedelsiz durmuş ähmiýeti bardyr. Sebäbi polat ýoluň ugrunda ähli zerur häzirki zaman düzümleri kemala getirmegi we täze iş orunlaryny döretmegi göjz öňünde tutýar.
Posted on: Wed, 03 Dec 2014 21:45:19 +0000

Trending Topics



Recently Viewed Topics




© 2015